“On dogan” hususy kärhanasynyň merkezi edarasy Aşgabat şäherinde esaslandyrylyp, häzirki wagtda ýurduň söwda-senagat pudagynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri hasaplanylýar. 

Hususy kärhana Türkmenistanyň döwlet we hususyýetçilik ulgamynyň iň gowy we ynamly öndüriji kompaniýalary bilen jebis we işjeň hyzmatdaşlygy saklaýar. Kärhana oba hojalyk önümlerini, söwda işlerini, gurluşyk harytlaryny, şeýle hem öndürilen azyk önümlerini içerki bazarlarda lomaý görnüşde ýerlemegi we daşarky bazarlara eksport etmek maksady bilen esaslandyrylyp, sebitara hyzmatdaşlyk çygrynda bilelikdäki hyzmatdaşlygy hödürleýär. 

Kompaniýa Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara sergilere işjeň gatnaşýar. 

Dürli pudaklaryň ösüşine, içerki we daşarky bazarlarda bäsdeşlige ýokary ukyby bolan harytlary öndürmek boýunça önümlere innowasion häsiýetiniň berilmegine gönükdirilen maksatnamalara netijeli gatnaşýar. “On dogan” Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzasy bolmak bilen, özarabähbitli esasda ähli gyzyklanma bildirýän taraplara, şol sanda daşary ýurt kompaniýalaryna ýerli öndürijileriniň harytlarynyň doly sanawyny, ýagny oba hojalyk önümlerini, azyk harytlaryny, gurluşyk harytlaryny hödürleýär. 

Hususy kärhana daşary ýurt hyzmatdaşlary bilen özara aragatnaşygy saklamagy, hyzmatlaryň: maslahat bermekden, taslama resminamalaryny işläp taýýarlamakdan, oba hojalyk toplumynyň dürli çygyrlaryndaky önümleri we enjamlaryny, özüniň, şeýle hem sebitleýin ýurtlaryň öňde barýan tehnologiki kompaniýalaryndan kepillendirmäni hödürleýär. 

Öz işiniň ussady hasaplanylýan tejribeli menejerleriň we sebitleýin ýurtlaryň, şol sanda GDA ýurtlaryň, Eýranyň we Päkistanyň hyzmatdaşlary bilen jebis işewürlik gatnaşyklaryň, şeýle hem Türkmenistanda dolandyryş, ammar we önümçilik binýatlarynyň hem-de kuwwatlyklarynyň hususy torlarynyň bolmagy esbaplardan ýokary tehnologiki senagat gurnamalaryna we oba hojalyk enjamlaryna çenli we beýleki gyzyklanma bildirilýän haryda we önümçilik tehnikasyna bolan islegini gysga wagtyň içinde kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýär.“On dogan” hususy kärhanasy hyzmatdaşlaryna özüniň täze we strategiki arkalaşygyň bähbitli we çeýe şertlerini hödürleýär. 

Hyzmatdaşlarymyzyň isleglerini jikme-jik öwrenmek, şahsy marketing strategiýasyny gurmak we şertlendirilen möhletde işi takyk ýerine ýetirmek, kärhanamyzyň esasy wezipesidir.“On dogan” hususy kärhanasynyň ýerli we daşary ýurt müşderileri bilen söwda-ykdysadyýet we önümçilik pudaklaryny giňeltmegi, özarabähbitli işewürligiň we köp meýilnamaly halkara arkalaşygyň depginli ösmegine mümkinçilik berýär.