Işlerimiz

Sitrus miwelerini ýetişdirmek

Häzirki wagtda “On dogan” kompaniýasynyň Ahal welaýatynyň Ak-Bugdaý etrabynyň çäginde oba hojalyk üçin niýetlenen 300 gektar ýeri bar, gök we bakja önümleri we sitrus miwelerini ýetişdirmek, ýygnamak, sortlara bölmek, şeýle hem gaplamak bilen üstünlikli meşgullanýar.

Import we eksport

Kompaniýa  esaslandyrylan gününden başlap, ekologiýa taýdan kepillenen we adam saglygyna peýdaly dürli oba hojalyk önümlerini  daşary ýurt tükedijilerine eksporta we içerki bazara lomaý satuwa çykarýar.

Konsalting hyzmaty

Köp ýyllaryň dowamynda kompaniýa  sebitara ýurtlar bilen söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyny pugtalandyrdy, şonuň bilen birlikde  oba hojalyk önümleriniň iň gowy dünýä öndürijileriniň biri bolan Eýran we Päkistan bilen  ysnyşykly gatnaşyklaryny ösdürýär. Eýsem bu görkezijiler kompaniýanyň öz ýaranlaryna her bir işde ygtybarly binýatdygyny aşgär edýär.